Propaganda näme we ony nädip saýgarmaly

Kursuň beýany 

Bu kurs propaganda temasyna bagyşlanýar. Kursuň esasy maksady propagandany ýüze çykarmagyň usullaryny we olara garşy durmagyň ýollaryny öwretmekdir. Bu kurs propagandany kesgitlemek, häzirki zaman dünýäsinde propagandanyň maksatlaryny we görnüşlerini kesgitlemek meselelerini açyp görkezýär, tankydy pikirlenmegi kämilleşdirýär. Kursa gatnaşyjy propaganda düşünjesi bilen tanyşmakdan başga-da, propaganda materiallarynda haýsy narratiwleriň bardygyny kesgitlemegi öwrenip biler. Propaganda telewideniýäni we neşir edilýän metbugaty hem öz içine almak bilen nusgawy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň nukdaýnazaryndan, şeýle hem sosial mediýa sahypalary we onlaýn jemgyýetler (pablik) ýaly sanly gurallaryň nukdaýnazaryndan serediler. Bulardan daşary, kurs dürli derejedäki propaganda garşy durmagyň ýollaryna sereder.

Bu kurs size:

  • Propaganda barada we onuň maksatlarydyr görnüşleri barada öwrenmäge;
  • Propagandany ýüze çykarmaga kömek etjek onuň esasy alamatlary we usullary bilen tanyşmaga; 
  • Propaganda guraly hökmünde ulanylýan narratiwleri ýüze çykarmagy öwrenmäge; 
  • Nusgawy metbugatda we sanly platformalarda propagandanyň özüni nähili görkezýändigine düşünmäge;
  • Uruş döwründäki propagandanyň aýratynlyklaryny we onuň esasy narratiwlerini öwrenmäge;
  • Şahsy derejede, žurnalistiň işinde we jemgyýetçilik durmuşynda propaganda garşy durmagyň usullary bilen tanyşmaga kömek eder.

Kursuň diňleýjileri

Bu kurs Merkezi Aziýanyň täze başlaýan we tejribe alýan ýaş analitikleri we žurnalistleri, şeýle hem metbugat hünärmenleri üçin niýetlenendir.

Kursuň formaty

Kurs bäş moduldan ybarat bolup, 5 hepdede geçmek üçin niýetlenendir. Kursy okaýanlaryň hepdelik ýüki 2-3 sagatdyr (bölümiň çylşyrymlylygyna we amaly meselelere baglylykda). Ol teksti bilen bilelikde görkezilýän wideo okuwlardan, tekst görnüşindäki maglumatlardan, gollanmalardan we aýratynlykda ýerine ýetirmäge niýetlenen ýumuşlardan ybaratdyr. Okuwyň bir bölegi hökmünde size propaganda kampaniýalarynyň we olaryň elementleriniň wizual mysallary hödürlener. Kursda 80% bilen geçilmeli jemleýji synag bardyr. Synagdan geçmek üçin 10 synanyşyk bar. Synanyşyklaryňyz gutaranda, ulgam petiklenýär we kursa gaýtadan ýazylmaly bolarsyňyz. Şunuň bilen baglylykda, gatnaşyjylara jemleýji synagdaky ilkinji şowsuz synanyşykdan soň okuw materiallary bilen täzeden tanyşmagy düýpli maslahat berýäris. Islegiňize görä, siz kursy gaýtadan dört gezek alyp bilersiňiz. 

 
5 hepde
Okuwa başlamak üçin ýazylyň
Eýýäm ýazylanmy?
Sowalnamany doldurmak

Näme okaýaňyz?

Propaganda näme, nähili görnüşleri we maksatlary bar?
Propagandanyň esasy usullary
Propagandanyň narratiwleri we olaryň ýaýramagynyň ýörelgeleri
Uruş döwründe propagandanyň aýratynlyklary haýsylar?
Şahsy we jemgyýetçilik derejesinde propaganda nädip garşy durmaly?
Žurnalistler we analitikler üçin propagandanyň pidasy bolmakdan saklanmak üçin 10 maslahat

Maksatnama

Mugallymlar

Köp soralýan soraglar

Kursa nähili ýazylmaly?
Ilki bilen saýtyň özünde hasaba alynmaly, soň bolsa “Kurslar” bölüminden size laýyk gelýän kursy saýlamaly we kursuň özi üçin hasaba alynmaly.
Kursy geçenimden soň şahadatnama berilýärmi?
Şahadatnama okuwyň dowamynda ähli sapaklary gutaran we soňky synagdan üstünlikli geçenlere (azyndan 80%) berilýär.
Synagdan geçmesem näme?
Kursdaky her moduldan soň, aralyk synag we okuwyň ahyrynda umumy synag bolýar. Synagdan geçmek üçin size 10 synanyşyk berilýär. Ilkinji synanyşykda geçmeseňiz, sapagy gözden geçirip, gaýtadan synaga girip bilerisiňiz. 10 synanyşykdan soň ulgam petiklenýär. Okuwy tamamlamak üçin gaýtadan hasaba alynmaly bolarsyňyz.
Saýt işlemese näme etmeli?
Bize "Habarlaşmak üçin" bölümdäki maglumatlar arkaly ýa-da sosial mediýaň üsti bilen ýazyň.
Meniň şahadatnamadaky adym pasportdaky adymdan tapawutly bolsa näme etmeli?
Ýazylaňyzda ilkibaşdan maglumatlaryňyzy dogry giriň. Eger başga maglumatlary giren bolsaňyz, bize ýazyň. Biz düzedip, dogry maglumat ýerleşdirilen şahadatnamany täzeden ugradarys.
Birnäçe kursy geçip bilerinmi?
Hawa. Birbada ýa-da yzygiderlikde birnäçe kursy alyp bilersiňiz.
Kurslar haýsy ýygylykda täzelenýär?
Eýýäm bar bolan kurslar täzelenmeýär. Işlenip düzülenden soň täze kurslar goýulýar.
Beýleki çäreleriňize nädip gatnaşmaly?
Merkezi Aziýa ýurtlaryndan žurnalistler we žurnalistika talyplary üçin dürli okuw çärelerini geçirýäris. Saýtymyzdan ýa-da sosial mediýa sahypalarymyzdan täze çäreleri yzarlap, gatnaşyp bilersiňiz. Çärelere gatnaşmak üçin köplenç öňünden ýazylmaly ýa-da bäsleşik tapgyryndan geçmeli.
Kurslary diňe Merkezi Aziýaň ýaşaýjylary geçip bilýärmi?
Onlaýn kurslar ýaşaýan ýerine garamazdan hemme üçin doly elýeterlidir. Oflaýn çäreler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birinde geçirilýär.
Men mediýa pudagyndan däl, ýöne kursa ýazylmak isleýän. Bu mümkinmi?
Hawa, onlaýn kurslary hemmeler geçip biler
Kurs näçe wagt dowam edýär?
Her okuwyň dowamlylygy, kursyň mazmunyna we çylşyrymlylygyna baglylykda aýratynlykda kesgitlenýär. Ortaça dowamlylygy 6-8 hepde. Bu döwürde ähli sapaklary tamamlamaly we synaglardan geçmeli. Wagtynda etmeseňiz, ulgam petiklener. Emma gaýtadan hasaba alnyp, täzeden geçip bilersiňiz.