Ykdysadyýet neneňsi kreatiw boldy?

Kurs barada

Ykdysadyýet näme üçin döredijilikli bolmaly? Biznes haçan döredijilige öwrülýär? Näme üçin çözgüt däl-de, problema gözlemeli? Intellektual eýeçiligiň goşulyp artýan gymmatlyklar zynjyry bilen nähili baglanyşygy bar? Bu we beýleki soraglara “Ykdysadyýet neneňsi kreatiw boldy?” atly giriş onlaýn kursyny tamamlap, jogap alarsyňyz.

Bu kurs Merkezi Aziýaly talyplara, döredijilik bilen bagly kärleriniň (sanly kontent döredijilere, dizaýnerlere, sazandalara, teatr aktýorlaryna, film işgärlerine, senetçilere, marketologlara) we degişli ugurlaryň (prodýuserlere, art-menejerlere, neşir edijilere, žurnalistlere, hukukçylara) wekillerine gyzykly bolar. 

Maksatlary

Giriş kursunyň maksady, döredijilik ykdysadyýetiniň çalt ösýän dünýäsinde nawigasiýa hödürlemekdir, has dogrusy:

- döredijilik pudagynyň düşünjesini, aýratynlyklaryny we potensialyny dünýä tejribesiniň mysalynda we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan mysallar bilen tanyşdyrmak;

- döredijilik ykdysadyýetiniň esasy hereketlendirijisi hökmünde döredijilik telekeçiligi hakda gürleşmek;

- özüňizi bu global hereketiň bir bölegi hökmünde tanamaga, zehin, ideýa we bilim esasynda öz başlangyçlaryňyzy ösdürmegiň mümkinçiliklerini görmäge kömek etmek,

- sebitde dogry döredijilik jemgyýetlerini tapmaga kömek etmek.

Kursuň netijesi: kursy gutaranyňyzdan soň döredijilik ykdysadyýetiniň nämedigi, Merkezi Aziýada haýsy döredijilik pudaklarynyň ösýändigi boýunça anyk düşünje edinersiňiz; döredijilik ykdysadyýetine gatnaşyjylar üçin nähili mümkinçilikleriň we kynçylyklaryň bardygy, telekeçilik pikirini kemala getirmek we döredijilik pudaklarynda karýera we iş strategiýalaryny durmuşa geçirmek üçin täze endikleri nädip edinmeli.

Kursyň formaty

Kurs 3 moduly öz içine alýar we 2 hepde okamak üçin niýetlenendir. Kursy okaýanlaryň hepdelik ýüki 3-4 sagat (bölümiň çylşyrymlylygyna we garaşsyz işiň mukdaryna baglylykda). Modullar 13 minuda çenli wideo leksiýalaryndan, bu leksiýalaryň tekst görnüşindäki belliklerinden, peýdaly internet salgylaryndan, her modul üçin barlag synaglaryndan we özbaşdak ýerine ýetirmek üçin niýetlenen tabşyryklaryndan ybaratdyr.


Bu amaly okuw, GoViral taslamasynyň çygrynda döredildi. Merkezi Aziýada ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan hemaýatkärlik edilýän, ABŞ-nyň Diplomatik gulluklary tarapyndan goldanylýan, şeýle-de Uruş we Parahatçylyk Hasabat Instituty tarapyndan durmuşa geçirilýän bu taslama, adamlara  oýlap tapmaga, döretmäge, öz kontentiňi öňe sürmäge, habar bermäge, wagty sapaly geçirmäge we global jemgyýeti bilen üstünlikli arabaglanyşyk saklamaga mümkinçilik berýär. Bu taslama,  täze innowasion tehnologiýalary ulanyp şeýle işleri, täze platformalaryň we sosial torynyň üsti bilen amala aşyrmaga kömek edýär.

 
2 hepde
Okuwa başlamak üçin ýazylyň
Eýýäm ýazylanmy?
Sowalnamany doldurmak

Näme okaýaňyz?

Kreatiw ykdysadyýet näme?
Kreatiw yldysadyýet dünýä tejribesiniň mysalynda nähili işleýär?
Kreatiwişewürlik näme?
Işewürlik pikirlenmäni emele getirmek we ösdürmek üçin täze başarnyklary nähili gazanmaly?
Ýurtara keýs: Kreatiw Gyrgyzystan
Kreatiw ykdysadyýetde şahsyýetler üçin mümkinçilikleri we kynçylyklary nämelerden ybarat?

Maksatnama

Mugallymlar

Köp soralýan soraglar

Kursa nähili ýazylmaly?
Ilki bilen saýtyň özünde hasaba alynmaly, soň bolsa “Kurslar” bölüminden size laýyk gelýän kursy saýlamaly we kursuň özi üçin hasaba alynmaly.
Kursy geçenimden soň şahadatnama berilýärmi?
Şahadatnama okuwyň dowamynda ähli sapaklary gutaran we soňky synagdan üstünlikli geçenlere (azyndan 80%) berilýär.
Synagdan geçmesem näme?
Kursdaky her moduldan soň, aralyk synag we okuwyň ahyrynda umumy synag bolýar. Synagdan geçmek üçin size 10 synanyşyk berilýär. Ilkinji synanyşykda geçmeseňiz, sapagy gözden geçirip, gaýtadan synaga girip bilerisiňiz. 10 synanyşykdan soň ulgam petiklenýär. Okuwy tamamlamak üçin gaýtadan hasaba alynmaly bolarsyňyz.
Saýt işlemese näme etmeli?
Bize "Habarlaşmak üçin" bölümdäki maglumatlar arkaly ýa-da sosial mediýaň üsti bilen ýazyň.
Meniň şahadatnamadaky adym pasportdaky adymdan tapawutly bolsa näme etmeli?
Ýazylaňyzda ilkibaşdan maglumatlaryňyzy dogry giriň. Eger başga maglumatlary giren bolsaňyz, bize ýazyň. Biz düzedip, dogry maglumat ýerleşdirilen şahadatnamany täzeden ugradarys.
Birnäçe kursy geçip bilerinmi?
Hawa. Birbada ýa-da yzygiderlikde birnäçe kursy alyp bilersiňiz.
Kurslar haýsy ýygylykda täzelenýär?
Eýýäm bar bolan kurslar täzelenmeýär. Işlenip düzülenden soň täze kurslar goýulýar.
Beýleki çäreleriňize nädip gatnaşmaly?
Merkezi Aziýa ýurtlaryndan žurnalistler we žurnalistika talyplary üçin dürli okuw çärelerini geçirýäris. Saýtymyzdan ýa-da sosial mediýa sahypalarymyzdan täze çäreleri yzarlap, gatnaşyp bilersiňiz. Çärelere gatnaşmak üçin köplenç öňünden ýazylmaly ýa-da bäsleşik tapgyryndan geçmeli.
Kurslary diňe Merkezi Aziýaň ýaşaýjylary geçip bilýärmi?
Onlaýn kurslar ýaşaýan ýerine garamazdan hemme üçin doly elýeterlidir. Oflaýn çäreler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birinde geçirilýär.
Men mediýa pudagyndan däl, ýöne kursa ýazylmak isleýän. Bu mümkinmi?
Hawa, onlaýn kurslary hemmeler geçip biler
Kurs näçe wagt dowam edýär?
Her okuwyň dowamlylygy, kursyň mazmunyna we çylşyrymlylygyna baglylykda aýratynlykda kesgitlenýär. Ortaça dowamlylygy 6-8 hepde. Bu döwürde ähli sapaklary tamamlamaly we synaglardan geçmeli. Wagtynda etmeseňiz, ulgam petiklener. Emma gaýtadan hasaba alnyp, täzeden geçip bilersiňiz.