Film produýerliginiň esaslary

“Film produýerliginiň esaslary” kursunyň maksady, film önümçiliginiň esasy taraplaryna prodýuserlik nukdaýnazaryndan giriş bermek, ýagny: 

  • film önümçiliginiň nämedigi barada düşünje bermek;
  • prodýuseriň başarnyklaryna we wezipelerine düşünmäge, şeýle hem film önümçiliginde prodýuserleriň iýerarhiýasy bilen tanyşmaga kömek etmek;
  • ideýany önümçilik derejesine nädip getirmelidigi we maýa goýumy hem goşmak bilen filmiň häzirki zaman maliýeleşdiriş mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak;
  • prodýuseriň işi bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan önümçilik tapgyrlaryny we böleklerini tanatmak;
  • häzirki zaman şertlerinde film önümçiliginde göz öňünde tutulmaly käbir faktorlar we halkara standartlar barada gürrüň bermek.

Kursuň netijesinde

Kursuň ahyrynda häzirki zaman film önümçiliginde prodýuseriň wezipeleriniň we başarnyklarynyň nämelerdigine anyk düşünersiňiz. Kursuň dowamynda prodýuseriň rolunyň size laýykdygyny ýa-da däldigini, eger gabat gelýän bolsa – karýerany nireden başlamalydygyny kesgitläp bilersiňiz. Amaly durmuş tejribeleri we geljekki prodýuserler üçin maslahatlardan başga-da, bu okuw film prodýuserligi boýunça düşünjesini giňeltmek isleýän režissýorlar üçin hem peýdaly maglumatlary öz içine alýar. Bu taslamalaryňyzda işleşjek prodýuserleriňiz bilen professional gatnaşyklary dogry gurmaga kömek eder. 

Kursuň formaty

Kurs 2 hepdä niýetlenen 3 moduly öz içine alýar. Modulyň çylşyrymlylygyna we garaşsyz işiň mukdaryna baglylykda okuwçylaryň hepdelik iş ýüki 2-3 sagatdyr. Modullar 13 minuda çenli wideo leksiýalaryndan, leksiýanyň tekst görnüşindäki belliklerinden, garaşsyz tabşyryklardan we jemleýji synagdan ybaratdyr.


Bu okuw Go Viral taslamasynyň 48 sagatlyk film ýaryşy programmasynyň bir bölegi hökmünde işlenip düzüldi.

Merkezi Aziýada ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan hemaýatkärlik edilýän, ABŞ-nyň Diplomatik gulluklary tarapyndan goldanylýan, şeýle-de Uruş we Parahatçylyk Hasabat Instituty tarapyndan durmuşa geçirilýän bu taslama, adamlara  oýlap tapmaga, döretmäge, öz kontentiňi öňe sürmäge, habar bermäge, wagty sapaly geçirmäge we global jemgyýeti bilen üstünlikli arabaglanyşyk saklamaga mümkinçilik berýär. Bu taslama,  täze innowasion tehnologiýalary ulanyp şeýle işleri, täze platformalaryň we sosial torynyň üsti bilen amala aşyrmaga kömek edýär.

 
2 hepde
Okuwa başlamak üçin ýazylyň
Eýýäm ýazylanmy?
Sowalnamany doldurmak

Näme okaýaňyz?

Film önümçiligi näme?
Film önümçiliginiň iýerarhiýasynda haýsy prodýuserler bar?
Häzirki zamanda kino düşürmekde prodýuseriň ýerine ýetirýän işleri, wezipeleri we başarnyklary haýsylar?
Kino pudagynda häzirki zaman standartlar
Film döretmekde nämelerden gaça durmaly?
Maýa goýum bukjasy we filmiň býudjeti

Maksatnama

Mugallymlar

Köp soralýan soraglar

Kursa nähili ýazylmaly?
Ilki bilen saýtyň özünde hasaba alynmaly, soň bolsa “Kurslar” bölüminden size laýyk gelýän kursy saýlamaly we kursuň özi üçin hasaba alynmaly.
Kursy geçenimden soň şahadatnama berilýärmi?
Şahadatnama okuwyň dowamynda ähli sapaklary gutaran we soňky synagdan üstünlikli geçenlere (azyndan 80%) berilýär.
Synagdan geçmesem näme?
Kursdaky her moduldan soň, aralyk synag we okuwyň ahyrynda umumy synag bolýar. Synagdan geçmek üçin size 10 synanyşyk berilýär. Ilkinji synanyşykda geçmeseňiz, sapagy gözden geçirip, gaýtadan synaga girip bilerisiňiz. 10 synanyşykdan soň ulgam petiklenýär. Okuwy tamamlamak üçin gaýtadan hasaba alynmaly bolarsyňyz.
Saýt işlemese näme etmeli?
Bize "Habarlaşmak üçin" bölümdäki maglumatlar arkaly ýa-da sosial mediýaň üsti bilen ýazyň.
Meniň şahadatnamadaky adym pasportdaky adymdan tapawutly bolsa näme etmeli?
Ýazylaňyzda ilkibaşdan maglumatlaryňyzy dogry giriň. Eger başga maglumatlary giren bolsaňyz, bize ýazyň. Biz düzedip, dogry maglumat ýerleşdirilen şahadatnamany täzeden ugradarys.
Birnäçe kursy geçip bilerinmi?
Hawa. Birbada ýa-da yzygiderlikde birnäçe kursy alyp bilersiňiz.
Kurslar haýsy ýygylykda täzelenýär?
Eýýäm bar bolan kurslar täzelenmeýär. Işlenip düzülenden soň täze kurslar goýulýar.
Beýleki çäreleriňize nädip gatnaşmaly?
Merkezi Aziýa ýurtlaryndan žurnalistler we žurnalistika talyplary üçin dürli okuw çärelerini geçirýäris. Saýtymyzdan ýa-da sosial mediýa sahypalarymyzdan täze çäreleri yzarlap, gatnaşyp bilersiňiz. Çärelere gatnaşmak üçin köplenç öňünden ýazylmaly ýa-da bäsleşik tapgyryndan geçmeli.
Kurslary diňe Merkezi Aziýaň ýaşaýjylary geçip bilýärmi?
Onlaýn kurslar ýaşaýan ýerine garamazdan hemme üçin doly elýeterlidir. Oflaýn çäreler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birinde geçirilýär.
Men mediýa pudagyndan däl, ýöne kursa ýazylmak isleýän. Bu mümkinmi?
Hawa, onlaýn kurslary hemmeler geçip biler
Kurs näçe wagt dowam edýär?
Her okuwyň dowamlylygy, kursyň mazmunyna we çylşyrymlylygyna baglylykda aýratynlykda kesgitlenýär. Ortaça dowamlylygy 6-8 hepde. Bu döwürde ähli sapaklary tamamlamaly we synaglardan geçmeli. Wagtynda etmeseňiz, ulgam petiklener. Emma gaýtadan hasaba alnyp, täzeden geçip bilersiňiz.