Proýekt barada

CABAR.asia mediýa okuw merkezi näme?

CABAR.asia mediýa okuw merkezi – IWPR Merkezi Aziýa mediýa guramasynyň metbugat, aragatnaşyk we analitika bilermenligi ugurlarynda kämilleşmek isleýänler üçin bilim platformasydyr.

IWPR-nyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy 20 ýyl bäri degişli okuw maksatnamalary arkaly sebit ýurtlarynyň ýerli habar beriş serişdeleriniň, garaşsyz žurnalistleriň we raýat jemgyýeti guramalarynyň mümkinçiliklerini artdyrýar.

Bu çeşme indi hemmeler üçin gazanylan tejribelere we materiallara elýeterliligi üpjün edýär.

Wideo sapaklar we usulyýet makalalary

CABAR.asia mediýa okuw merkeziniň saýtynda žurnalistika, aragatnaşyk, analitika we täze mediýa ugurlarynyň tapawutly taraplary boýunça bilimiňizi artdyrmaga mümkinçilik berýän wideo sapaklary we usulyýet makalalary bardyr. Bu materiallar rus dilinde we sebitiň dört ýurdunyň resmi dillerinde hödürlenýär. Materialy has gowy özleşdirmek üçin, sapaklaryň aglabasynyň soňunda goşmaça ýumuşlar bardyr, käbirlerinde bolsa barlag synagyndan  geçmek teklip edilýär.

Materiallaryň awtorlary Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan öz ugurlarynda ykrar edilen bilermenler we hünärmenlerdir. Bu materiallar bilen “Wideo sapaklar” bölüminde tanyşyp bilersiňiz.

Uzak aralyk kurslary

Erkin ýagdaýda materiallary öwrenmekden başga-da, bilim platformasynyň ulanyjylarynyň dürli onlaýn kurslara gatnaşmaga mümkinçiligi bardyr. Onlaýn kurslary uzak aralyk okuw ýörelgesine esaslanyp, onda okuw materiallary tapgyrlaýyn hödürlenýär; geçilen materiallar synaglar arkaly barlanýar, öý işleri berilýär. Onlaýn kursuny doly tamamlanyňyzdan soň, onuň netijelerine esaslanyp, IWPR-nyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy uzak aralyk okuwy geçendigiňizi tassyklaýan resmi şahadatnama berýär.

“Onlaýn kurslar” bölümine giriň.

Okuw we ussatlyk sapaklarynyň bildirişleri

IWPR-nyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy habar beriş serişdeleriniň işgärleri, žurnalistika fakultetleriniň talyplary we mugallymlary, şeýle hem raýat jemgyýeti we döwlet edaralarynyň wekilleri üçin adaty okuwlaryny dowam etdirýär. Olar Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň dürli şäherlerinde yzygiderli geçirilýär.

CABAR.asia mediýa okuw merkeziniň geçirýän okuwlaryndan başga-da bir günlük ussatlyk sapaklary geçirilýär. Olarda sebitden ýa-da daşary ýurtdan gelen hünärmenler belli mowzuk boýunça öz tejribelerini paýlaşýarlar.

Meýilleşdirilen okuwlary we ussatlyk sapaklaryny şu saýtyň baş sahypasyndaky “Geljekdäki çäreler” bölüminden yzarlap bilersiňiz we gatnaşmak üçin ýüz tutup bilersiňiz. Şeýle hem bildirişler CABAR.asia mediýa okuw merkeziniň Facebook, Instagram we Telegram sosial mediýa sahypalarynda çap edilýär.

Geçen okuwlar barada has giňişleýin maglumat üçin “Habarlar” bölümine giriň.

Sanly kitaphana

“Gollanmalar” bölüminde IWPR-nyň soňky 20 ýylda neşir eden ähli goşmaça maglumat berýän kitaplarynyň we amaly gollanmalaryň elektron görnüşleri bar. Şolaryň arasynda habarçylara halkara žurnalistika standartlaryna görä işlemäge kömek etjek “Üýtgeşiklik üçin reportažlar: krisiz sebitlerindäki ýerli žurnalistler üçin gollanma” ýa-da derňew žurnalistikasy bilen meşgullanýanlaryň ýan kitaby “Hekaýa esaslanýan derňew: žurnalistler üçin žurnalistik derňewleri geçirmegiň gollanmasy” bardyr.

Gollanmalardan başga-da, bu bölümde IWPR-nyň Merkezi Aziýanyň dürli ýurtlarynda mediýa ugry boýunça geçiren soňky gözlegleri hem neşir edilýär.

Gollanmalar” bölümine giriň.

CABAR.asia mediýa okuw merkezi sosial ulgamlarda

Sosial ulgamlardaky CABAR.asia mediýa okuw merkeziniň sahypalary IWPR Merkezi Aziýa işgärleriniň peýdaly maslahatlary, özboluşly işleri we mediýa dünýäsiniň soňky tendensiýalaryny paýlaşýan goşmaça platformasydyr. CABAR.asia mediýa okuw merkeziniň sosial ulgamlardaky täzelikleri yzarlaýyjylaryň lentalaryny peýdaly we möhüm maglumatlar bilen baýlaşdyrýar.

CABAR.asia mediýa okuw merkeziniň FacebookInstagram we Telegram sahypalaryny yzarlaň.

 

IWPR Barada

CABAR.asia mediýa okuw merkeziniň bilim platformasy 2018-njy ýylyň aýagynda IWPR-nyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy tarapyndan esaslandyryldy. IWPR – ýerli habar beriş serişdeleriniň, garaşsyz žurnalistleriň we söz azatlygynyň kämilleşmegini goldaýan halkara telekeçilik däl mediýa guramadyr. IWPR-nyň maksatnamalary Gündogar Ýewropada, Ýakyn Gündogarda, Kawkazda, Afrikada, Merkezi Amerikada we Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşýän dünýäniň 30 ýurdunda hereket edýär. IWPR Merkezi Aziýada 1999-njy ýyldan bäri hereket edýär.