Kurs barada
Ykdysadyýet näme üçin döredijilikli bolmaly? Biznes haçan döredijilige öwrülýär? Näme üçin çözgüt däl-de, problema gözlemeli? Intellektual eýeçiligiň goşulyp artýan gymmatlyklar zynjyry bilen nähili baglanyşygy bar? Bu we beýleki soraglara “Ykdysadyýet neneňsi kreatiw boldy?” atly giriş onlaýn kursyny tamamlap, jogap alarsyňyz.
Bu kurs Merkezi Aziýaly talyplara, döredijilik bilen bagly kärleriniň (sanly kontent döredijilere, dizaýnerlere, sazandalara, teatr aktýorlaryna, film işgärlerine, senetçilere, marketologlara) we degişli ugurlaryň (prodýuserlere, art-menejerlere, neşir edijilere, žurnalistlere, hukukçylara) wekillerine gyzykly bolar.
Maksatlary
Giriş kursunyň maksady, döredijilik ykdysadyýetiniň çalt ösýän dünýäsinde nawigasiýa hödürlemekdir, has dogrusy:
- döredijilik pudagynyň düşünjesini, aýratynlyklaryny we potensialyny dünýä tejribesiniň mysalynda we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan mysallar bilen tanyşdyrmak;
- döredijilik ykdysadyýetiniň esasy hereketlendirijisi hökmünde döredijilik telekeçiligi hakda gürleşmek;
- özüňizi bu global hereketiň bir bölegi hökmünde tanamaga, zehin, ideýa we bilim esasynda öz başlangyçlaryňyzy ösdürmegiň mümkinçiliklerini görmäge kömek etmek,
- sebitde dogry döredijilik jemgyýetlerini tapmaga kömek etmek.
Kursuň netijesi: kursy gutaranyňyzdan soň döredijilik ykdysadyýetiniň nämedigi, Merkezi Aziýada haýsy döredijilik pudaklarynyň ösýändigi boýunça anyk düşünje edinersiňiz; döredijilik ykdysadyýetine gatnaşyjylar üçin nähili mümkinçilikleriň we kynçylyklaryň bardygy, telekeçilik pikirini kemala getirmek we döredijilik pudaklarynda karýera we iş strategiýalaryny durmuşa geçirmek üçin täze endikleri nädip edinmeli.
Kursyň formaty
Kurs 3 moduly öz içine alýar we 2 hepde okamak üçin niýetlenendir. Kursy okaýanlaryň hepdelik ýüki 3-4 sagat (bölümiň çylşyrymlylygyna we garaşsyz işiň mukdaryna baglylykda). Modullar 13 minuda çenli wideo leksiýalaryndan, bu leksiýalaryň tekst görnüşindäki belliklerinden, peýdaly internet salgylaryndan, her modul üçin barlag synaglaryndan we özbaşdak ýerine ýetirmek üçin niýetlenen tabşyryklaryndan ybaratdyr.
Bu amaly okuw, GoViral taslamasynyň çygrynda döredildi. Merkezi Aziýada ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan hemaýatkärlik edilýän, ABŞ-nyň Diplomatik gulluklary tarapyndan goldanylýan, şeýle-de Uruş we Parahatçylyk Hasabat Instituty tarapyndan durmuşa geçirilýän bu taslama, adamlara oýlap tapmaga, döretmäge, öz kontentiňi öňe sürmäge, habar bermäge, wagty sapaly geçirmäge we global jemgyýeti bilen üstünlikli arabaglanyşyk saklamaga mümkinçilik berýär. Bu taslama, täze innowasion tehnologiýalary ulanyp şeýle işleri, täze platformalaryň we sosial torynyň üsti bilen amala aşyrmaga kömek edýär.